“Çane-6” Aýyň asteroid bilen çaknyşmagynyň netijeleri barada täze maglumatlary aldy

  • 14.07.2025 10:59
  • 3.2k+

Hytaýyň “Çane-6” missiýasy tarapyndan Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak nusgalarynyň seljermesi alymlara, takmynan, 4 mlrd ýyl ozal uly asteroid bilen çaknyşmagyň Aý mantiýasynyň çuň gatlaklarynyň düzümini üýtgedip bilendigini anyklamaga mümkinçilik berdi. Ylmy gözlegleriň netijeleri Nature ylmy žurnalynyň dört makalasynda neşir edildi.

Pekindäki Geologiýa we geofizika institutynyň alymlar toparynyň gelen netijelerine görä, zarba Gün ulgamynda iň uly – diametri, takmynan, 2500 km bolan krateriň emele gelmegine getirdi. Bu çaknyşygyň netijesinde Aýyň çuň gatlaklary öz düzümini üýtgetdi: olar käbir möhüm himiki elementlerini ýitirdi. Bu üýtgeşmeler ýüzlerçe kilometr çuňlukda bolup geçdi.
Alnan maglumatlar Aýyň emele gelmegine täsir eden çuňlukdaky prosesler barada düşünje berýär we onuň geologiki taryhyny öwrenmekde möhüm goşant hasaplanýar. Izotop we mineralogik düzümiň seljermesi milliardlarça ýyl ozal bolup geçen waka gaýtadan seretmäge mümkinçilik berýär.


09.06.2026 07:40
7.9k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

23.05.2026 15:57
7.7k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
8k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.9k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....