Alymlar: Kosmos zyňyndylary Ýeriň atmosferasyny metallar bilen çalt hapalaýar

  • 20.11.2025 10:55
  • 3k+

Nemes alymlarynyň halkara barlaglarynyň netijelerine görä, Ýeriň atmosferasy kosmos galyndylary sebäpli metallar bilen barha köp hapalanýar. Orbital mega-toparlaryň döremegi we uçuşlaryň köpelmegi bu prosesi has-da güýçlendirýär.

Bu metallar esasan hatardan çykan ýa-da ulanyş möhleti tamamlanandan soň ýakylyp utilizasiýa edilýän hemra böleklerinden, atmosferada ýanýan raketalaryň ýokarky basgançaklaryndan emele gelýär.
Alymlar soňky ýyllarda “kosmos zibilleri” diýen täze atlandyrmany berýärler — ýagny ýakmak üçin atmosfera düşýän orbital galyndylar.
Hasaplamalara görä, 2020–2024 ýyllaryň arasynda atmosfera düşýän kosmos zyňyndylarynyň umumy massasy 3 tonnadan 7,8 tonna çenli, ýagny iki esse artdy.
Bu ýagdaý indi meteorit galyndylarynyň täsirinden hem güýçli bolup başlady.

Atmosfera düşýän metallaryň arasynda ozon gatlagynyň bozulmagyna täsir edip bilýän güýçli katalitik elementler bar. Olar mezosfera ýetip, ozon gatlagyny zaýalap biler, bulutlaryň emele gelmegine we howa şertleriniň üýtgemegine täsir edip biler, ýagyş bilen Ýeriň ýüzüne düşüp, adamlaryň saglygyna we ekoulgamlara howp döredip biler.
Alymlar gözegçiliksiz orbitadan gaçýan galyndylaryň aýratyn howpludygyny belläp, kosmos jemgyýetçiligini bu mesele boýunça anyk gözegçiligi we utgaşdyrylan çözgütleri işläp taýýarlamaga çagyrýarlar.


18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

24.03.2026 07:08
4.1k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...