NASA 3I/ATLAS kometasynyň Ýere howp salmaýandygyny aýdyp, onuň emeli gelip çykyşyny ret etdi

  • 20.11.2025 18:49
  • 6.6k+

3I/ATLAS kometasy Gün ulgamyndan daşary ýerden geldi diýip, brifingde NASA-nyň ýolbaşçysynyň orunbasary Amit Kşatriýa habar berdi. Agentligiň esasy ylmy işgäri Tom Stetler kometanyň Gün ulgamyndan ep-esli gadymy bolan ýyldyz ulgamynda emele gelip bilendigini aýdýar.

Stetleriň sözlerine görä, onuň Gün ulgamyna giren wagtyndaky tizligini göz öňünde tutsaň, ol örän gadymy ýyldyzyň töwereginde emele gelen ýyldyz ulgamyndan gelen bolmaly.
Mundan başga-da, NASA kometanyň Ýere we Gün ulgamymyzdaky beýleki jisimlere howp salmaýandygyny aýtdy.
Şeýle-de, Amit Kşatriýa sosial ulgamlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde 3I/ATLAS-yň emeli gelip çykyşy baradaky jedellere garamazdan, onuň hut kometadygyny belledi. “Bu jisim kometadyr. Ol kometa ýaly görünýär we özüni kometa ýaly alyp barýar, ähli maglumatlar onuň kometadygyny görkezýär” – diýip, ol belledi.
Ozal Garward uniwersitetiniň tebigy ylymlar professory Awi Lýob asman jisiminiň kometalar üçin mahsus bolmadyk “üýtgeşik seýrek ugur” boýunça hereket edýändigini, şol sebäpli onuň emeli gelip çykyşynyň mümkindigini aýtdy. Onuň kärdeşleri bu pikiri ret etdi. Umuman, Lýob başga planetalylaryň jisimi baradaky çaklamany ilkinji gezek öňe sürmeýär. 2018-nji ýylda ol Oumuamua asteroidini başga planetalylaryň kosmos gämisi diýip atlandyrypdy. 


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...