Google Gemini suratlary sesli gysga wideolara öwürmegi öwrendi. Funksiýa – tölegli

  • 14.07.2025 10:58
  • 2k+

Google kompaniýasy Gemini EA çat-botuna suratlary animasiýa öwürmek funksiýasyny goşdy. Onuň kömegi bilen ulanyjylar fon sesleri we sözleýişler bilen sekiz sekuntlyk wideolary döredip biler.

Täze funksiýa Veo 3 wideo modeline esaslanýar we eýýäm käbir ýurtlarda Google AI Ultra hem-de Pro nyrhnamalaryna ýazylan ulanyjylar üçin elýeterlidir.
Wideo döretmek üçin çat-botuň menýusynda “Wideo” guralyny saýlamaly we suraty ýüklemeli. Ulanyjy ahyrky netijäniň nähili bolmalydygy barada goşmaça tekst hem goşup biler. Netijede, durulygy 720p we tarap gatnaşygy 16:9 bolan MP4 formatda wideo döredilýär.
Her bir wideo awtomatik taýdan wideonyň EA tarapyndan döredilendigini görkezýän bellik, şeýle-de ulanyjy üçin görünmeýän sanly SynthID belligi goşulýar.
Ýakyn günlerde funksiýa ykjam gurluşlarda hem elýeterli bolar. 


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......