BYD ulaglaryndaky awtomatik parkowkada ýüze çykjak islendik zyýanyň öwezini dolmagy wada berýär

  • 13.07.2025 18:37
  • 4.3k+

Hytaýyň BYD kompaniýasy öz ulaglarynyň eýelerine God's Eye ulgamynyň işiniň netijesinde ýetip biljek islendik zyýanyň öwezini dolmaga taýýardygyny aýtdy. Bu ulgam eýýäm milliondan gowrak elektromobilde gurnalan bolup, ulaglary awtomatik taýdan awtoduralga ýerleşdirýär. Bu prosesiň dowamynda haýsydyr bir heläkçilik ýüze çyksa ýa-da ulaga zeper ýetse, onuň eýesine ätiýaçlandyryşy resmileşdirmek gerek däl – ähli çykdajylary kompaniýanyň özi ýapar diýip, Notebookcheck ýazýar.

BYD dünýäde ilkinji bolup dördünji derejeli awtonom ýerleşiş ulgamynyň howpsuzlygyna resmi tassyknama aldy – bu ulagyň sürüji gatnaşmazdan özbaşdak awtoduralga ýerleşip biljekdigini aňladýar. Bu aralykda awtomobile ýa-da beýleki ulag serişdelerine zeper ýeten halatynda ulag eýesine BYD-yň hyzmat gullugyna ýüz tutmak ýeterlik. Bu prosesi ýeňilleşdirip, ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň ýokarlanmagyndan gaçmaga mümkinçilik berýär.
Kompaniýa awtomobiliň özbaşdak duralga ýerleşýän ýagdaýlarynda ulanyjylaryň howpsuzlygyna doly jogap berýändigini belledi. 8000 dollara ýa-da aýda 99 dollara ýazylyşyk bilen FSD awtopilotyny hödürleýän Tesla-dan tapawutlylykda, BYD öz ulgamyny mugt hödürleýär. Şeýle çemeleşme maglumatlaryň ýygnalmagyny we tehnologiýanyň kämilleşdirilmegini çaltlaşdyrýar.
BYD-yň pudakda awtonom dolandyryş ulgamyny işläp düzüjileriň iň uly topary bar. Ýakyn wagtda kompaniýa ýollarda hereket etmek üçin dördünji derejeli awtonom dolandyryşy goşjak täzelenmäni çykarmagy meýilleşdirýär.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......