Lexus üçeginde tennis oýnadyp, Ginnesiň iki sany üýtgeşik rekordyny goýdy

  • 14.07.2025 10:56
  • 13k+

Lexus kompaniýasy hereket edip barýan ulaglarda tennis oýny bilen bagly Ginnesiň iki rekordyny goýmaga gatnaşdy. Britaniýaly tennisçiler Jeými Marreý we Lora Robson 47 km/sag tizlik bilen hereket edip barýan awtomobilleriň üçeginde durmak bilen, birek-birege yzygider 101 gezek top geçirdi.

Howpsuzlygy üpjün etmek üçin Lexus NX krossowerlerinde türgenleri berkitmek üçin alýumin platforma gurnaldy. Awtomobilleri hünärmen kaskadýor-sürüjiler dolandyrdy. Hereket britan Daksfordyndaky aerodromyň uçuş-gonuş zolagynda boldy.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri iki rekordy hasaba aldy: hereket edip barýan iki awtomobilde iň uzak dowam eden tennis oýny we şeýle oýun wagty iň ýokary tizlik.
Iki rekordy hem goýmak üçin iki sagat töweregi wagt sarp edildi. Lora Robson wakany “sýurrealistik tejribe”, Jeými Marreý bolsa öz durmuşynda iň täsirli we üýtgeşik synag diýip atlandyrdy.


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

12.05.2026 14:52
2.3k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....