Huawei kompaniýasy Pura 80 we Pura 80 Pro smartfonlarynyň global wersiýalaryny tanyşdyrdy

  • 13.07.2025 19:10
  • 4.9k+

Huawei kompaniýasy Pura 80 we Pura 80 Pro smartfonlarynyň halkara wersiýalaryny hödürledi. Enjamlar displeý aýratynlyklary we kamera konfigurasiýasy bilen biri-birinden tapawutlanýar.

Esasy modeliň ekrany 6,6 dýuým, Pro wersiýasynyňky bolsa 6,8 dýuým. Iki enjamyň ekrany hem Kunlun Glass-yň ikinji nesil gorag aýnasy bilen örtülen we 1-den 120 Gs-e çenli adaptirlenýän täzeleniş ýygylygyny hem-de 3000 nitlik iň ýokary ýagtylygy goldaýar.
Bu hataryň esasy aýratynlygy – reňkleriň has takyk geçirilmegini üpjün edýän RYYB reňk süzgüçli 50 megapiksellik esasy kamera moduly boldy. Kamera bir dýuýmlyk sensor bilen enjamlaşdyrylan, bu hem has köp ýagtylygy kabul edip, pes ýagtylykda düşürilýän suratlaryň hilini ýokarlandyrýar.
Huawei Pura 80 modelinde 12 megapiksellik periskop we 13 megapiksellik ultra giňburçly obýektiw bar. Pro wersiýasynda bolsa modullar degişlilikde 48 we 40 megapiksel çözgütli bolup durýar.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...