Paleontologlar gadymy süýdemdirijiniň täze görnüşini açdy. Ol 143 mln ýyl ozal ýaşapdyr

  • 14.07.2025 10:44
  • 2.9k+

Paleontologlar dügür dişlileriň toparyndan mezozoý süýdemdirijisiniň täze nesline we görnüşine häsiýetnama berdi. Onuň dişleriniň daşa öwrülen galyndylary Beýik Britaniýada tapyldy. Takmynan, 143 mln ýyl ozal ýaşan bu jandar Novaculadon mirabilis adyny aldy diýlip, Proceedings of the Geologists’ Association žurnalynda habar berilýär.

Uzynlygy 1,65 sm bolan eňegi geçen ýyl Portsmut uniwersitetiniň talyby Benjamin Ueston tapdy.

“Tapyndyda öňünde uzyn ýiti uçly alyn diş, onuň yzyndan boşluk, soňra päki ýaly ýiti dört sany kiçi azy dişler bar” – diýip, paleontologlar habar berdi.

Towşanyň eňegi bilen daşky meňzeşligine garamazdan, anatomiki aýratynlyklar ýitip giden köp dügürli dişlileriň toparyna degişliligi görkezýär.
Novaculadon mirabilis horan bolup, ähtimal, gurçuklar we mör-möjekler ýaly oňurgasyzlar bilen iýmitlenen bolsa gerek. Onuň diş gurluşy ony belka we alaka ýaly häzirki gemrijilerden tapawutlandyrýar. Ylmy gözlegçiler bu açyşyň dinozawrlaryň agdyklyk eden döwründe irki süýdemdirijileriň iýmitleniş usullarynyň köpdürlüligini görkezýär.
Portsmut uniwersitetiniň professory Dewid Martill bilen onuň kärdeşleriniň bellemegine görä, açyş süýdemdirijilerň mezozoý döwründe dürli ekologiýa gurşawlaryny nähili özleşdirendigi barada täze düşünje berýär. 


düýn 17:37
1.6k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......