Ýannik Sinner Alkarasy utup, ilkinji gezek “Uimbldonyň” ýeňijisi boldy

  • 14.07.2025 07:36
  • 2.9k+

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner ispaniýaly Karlos Alkarasy utup, karýerasynda ilkinji gezek “Uimbldon” ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Duşuşyk dünýäniň birinji raketkasynyň peýdasyna 4:6, 6:4, 6:4, 6:4 hasabynda tamamlandy. Oýun 3 sagat 4 minut dowam etdi.
Bu ýeňşiniň netijesinde Sinner şahsy duşuşyklarda Alkarasdan hasap tapawudyny azaltdy – 5-8.
Sinner 23 ýaşynda. Ozal ol “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çäklerinde Australian Open-iň (2024, 2025) we US Open-iň (2024) ýeňijisi boldy. Italiýaly üçin bu ýekelikde karýerasynda 20-nji titul boldy. 22 ýaşly Alkaras “Uimbldonyň” finalyna üçünji gezek gatnaşdy, soňky iki gezekde finalda Jokowiçi utup, ýeňiji boldy. Umuman, onuň hasabynda 21 kubok bar.  
Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 53,55 mln funt sterlinge barabar.


şu gün 11:31
1.9k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......