Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi

  • 14.07.2025 12:37
  • 9.3k+

13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Bellenilişi ýaly, bäş günläp dowam etjek çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gelmegi meýilleşdirilýär.
Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry:

  • halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini;
  • ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany);
  • ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini;
  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini;
  • Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumyny ýokary derejede, talabalaýyk guramak boýunça öňde durýan wezipeleri we ýerine ýetirilmeli işleri kesgitledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri:

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, türkmen tarapynyň halkara forumyň maksatnamasyny üpjün etmegi;
  • daşary ýurtly myhmanlaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň wekilleriniň ýurdumyza gelmeginiň meýilleşdirilýändigini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işlerini ýakyn günlerde tamamlamagy;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty bilen bilelikde halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabarasynyň maksatnamasyny taýýarlamagy;
  • ýokary derejedäki tematik «tegelek stol» mejlislerine we foruma gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň düzümini kesgitlemegi hem-de degişli teklipleri bermegi;
  • türkmen tarapyndan guraljak ugurdaş çäreleriň gysgaça konsepsiýasyny we maksatnamasyny taýýarlamagy, olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmegi;
  • maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçirilýän binalarynda türkmen tarapynyň gurajak sergileriniň sanawyny hem-de görnüşlerini kesgitlemegi we olara jogapkär hökmünde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyny bellemegi;
  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertiniň konsepsiýasyny we maksatnamasyny taýýarlamagy hem-de olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmegi, milli günler bilen bagly çärelere jogapkär hökmünde Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliklerini bellemegi umumy meseleleriň hatarynda kesgitledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmanlaryň howa menzilinde türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanylmagyny üpjün etmegi, wekiliýet ýolbaşçylaryny howa menzilinde garşylajak Türkmenistanyň resmi wekillerini kesgitlemegi we bu ugurda degişli teklipleri bermegi, myhmanlary garşylamak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýatlardaky wekilhanalary bilen welaýat häkimlikleri tarapyndan degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz şäher bezeginiň we çäräniň dowamynda ulanyljak köçeleriň abadanlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegini, çäreleriň geçirilýän döwründe ulanyljak köçeleriň ugrunda we döwrebap enjamlarda görkeziljek şygarlardyr şekilleri kesgitlemegi, degişli köçeleri abadanlaşdyrmak we bezeg işlerini geçirmegi, yşyklandyryşy aýratyn gözegçilikde saklamagy şäher bezegi bilen baglanyşykly meseleleriň hatarynda belledi.
Galyberse-de, daşary ýurtly wekiliýetleri myhmanhanalarda ýerleşdirmegiň tertibine aýratyn üns bermegiň, myhmanhanalarda daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleri döretmegiň, olarda lukmançylyk we söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň zerurdygy aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag üpjünçiligi baradaky meselä ünsi çekip, çäreleriň geçirilýän döwründe ulaglaryň netijeli we talabalaýyk ulanylmagyna aýratyn üns bermegiň, bu ugurda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli taýýarlyk işlerini geçirmegiň, çäräniň dowamynda ulanyljak ähli ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýynyň gözden geçirilmegini we talabalaýyk bolmagyny üpjün etmegiň, «Tiz kömek» awtoulaglarynyň nobatçylyk etmek meselesine seretmegiň, awtobus gatnawlarynyň rejeli ýola goýulmagy bilen bagly bitewi ulgamyň işlenip düzülmeginiň wajypdygyny aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz halkara maslahata gatnaşjak wekiliýetler üçin olaryň ýaşajak we çäreleriň geçiriljek ýerlerinde iýmit üpjünçiligi meselesini üns merkezinde saklamagy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Söwda-senagat edarasy we Azyk senagaty döwlet birleşigi bilen bilelikde bu ugurda degişli taýýarlyk-guramaçylyk işlerini geçirmegi hem möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle-de çäreleriň geçirilýän döwründe ýokary derejede lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmegiň zerurdygy aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetçilik tertip-düzgüni we howpsuzlyk meseleleri barada aýdyp, çäreleriň geçirilýän döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmeginiň gözegçilikde saklanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Sekretariaty bilen bilelikde halkara maslahatyň açylyş-ýapylyş dabarasynyň maksatnamasyny, türkmen tarapyndan guraljak çäreleriň konsepsiýasyny işläp düzmek we olaryň BMG-niň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmek babatda birnäçe degişli maslahatlaryny berdi.


şu gün 12:56
1.2k+

Türkmenistanda oba hojalygynda biotehnologiýalara bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Institutyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, forum ýurdumyzyň agrar-senagat toplumyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi...

şu gün 11:06
804

Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda...

şu gün 09:35
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa bardy

17-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar...

düýn 12:28
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-nde Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

15-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, aýratyn-da, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler...