Spotify-da million diňleýjisi bolan meşhur rok-topary emeliň aňyň önümi bolup çykdy

  • 14.07.2025 17:24
  • 4.6k+

5-nji iýunda ilkinji albomyny çykaran we Spotify-da bir million diňlenme gazanan The Velvet Sundown rok toparynyň dolulygyna emeli aň tarapyndan döredilendigi anyklanyldy. Bu barada The New York Post habar berýär.

Spotify platformasyndaky toparyň täzeleşdirilen biografiýasyna görä, bu taslama aldaw bolman, döredijilik taýdan bir türgenleşme hökmünde göz öňünde tutulypdyr. Maksat — emeli aň eýýamynda awtorçylyk, şahsyýet we saz sungaty bilen baglanyşykly däp bolan düşünjeleri sorag astyna almak bolupdyr.
Toparyň ilkinji albomy Floating on Echoes wiral boldy: onuň Dust on the Wind atly aýdymlary 29-njy iýundan 1-nji iýula çenli Beýik Britaniýanyň, Norwegiýanyň we Şwesiýanyň Spotify Viral 50 çäresinde birinji orunda boldy. Iýul aýynda topar eýýäm ikinji albomyny çykardy — bu bolsa peýda bolan şübheleri güýçlendirdi. Şeýle tizlikde sazlary döretmegi we ýazga geçirmegi "eýmendiriji" diýip atlandyrdylar.
Toparyň wirtual agzalarynyň suratlary hem köp üns çekdi: olaryň käbirleri aşa redaktirlenen ýaly bolup görünýärdi. Gitaraçynyň suratlarynyň birinde bolsa barmaklarynyň "bileleşip" giden görnüşi bardy — bu bolsa emeli aň bilen döredilen şekillere mahsus alamatlaryň biri. Şeýle programmalaryň adam eli ýaly çylşyrymly zatlary dogry şekillendirmekte kynçylyk çekýändigi bellidir.
Neşiriň berýän bahasyna görä, The Velvet Sundown toparynyň aýdymlarynyň sözleri uruş garşylygy temasyny öz içine alýan, ýöne köplenç klişirlenen, adaty jümleler bilen bezelipdir — meselem, "asman we ýerden başga hiç zat baky däl" diýen ýaly.
Toparyň hakykat ýüzünde emeli aň tarapyndan döredilendigini resmi taýdan yglan etmezden ozal, internetde toparyň adyndan çykyş edýän galp şahslar peýda bolupdyr. Olaryň biri — Kwebekden bolandygyny aýdýan kibergürrüňçilik "eksperti" Rolling Stone žurnalyna özüni toparyň agzasy hökmünde tanadyp, toslama maglumat beripdir. Soňra bolsa ol bu hereketini onlaýn jemgyýetçilige garşy edilýän bir degişme hökmünde düşündiripdir.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......