«2025-nji ýylyň astronomik suratçysy» baýragynyň finalçylary yglan edildi

  • 13.07.2025 19:01
  • 4.2k+

Grinwiç patyşalyk obserwatoriýasy bilen «BBC Sky at Night» žurnaly her ýyl geçirilýän «Astronomik suratçy» atly halkara bäsleşigiň gysga sanawyny yglan etdiler. 2025-nji ýylda bu bäsleşige 69 ýurtdan höwesjeň we professional suratçylar tarapyndan 5500-den gowrak ýüzlenme gelip gowuşdy.

Gysga sanawa giren işler:

«Rozetka» bilen «Täze ýyl arçasy» dumanlyklarynyň älemgoşar mozaikasy / © Şaoýu Çžan

Namibiýada düşürilen C/2023 A3 (Susinşan-ATLAS) kometasynyň suraty / © Jerald Remann we Mihael Ýager

Gün diskiniň fonundaky Halkara kosmos stansiýasy / © Çžan Ýanguan

Kit ýyldyz toplumyndaky Abell 85 atly galaktikalar toplumy. Günden, takmynan, 700 mln ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär / © Desýan Li

Kaliforniýadaky Mono kölüniň üstündäki polýar şöhleleri / © Daniel Zafra

Gerakisden (Kipr) düşürilen Akmaýanyň ýoly bilen Guw ýyldyz toplumynyň panoramasy / © Andreas Karaolis

Ýemeniň Sokotra adasyndaky ýeke-täk aždarha agajy (Dracaena cinnabari) / © Benjamin Barakat

Üçburçluk galaktikasy (M 33, NGC 598) / © Bense Tot, Peter Feltoti, Bertalan Keçkeş

Angliýanyň günortasyndaky Lalwort aýlagynyň üstündäki Akmaýanyň ýoly («Galaktik aw») / © Pol Joels

Hytaý binalarynyň üstündäki Akmaýanyň ýoly («Galaktikanyň derwezesi») / © Ýuýsze Çžan

Nasos ýyldyz toplumyndaky NGC 2997 spiral galaktikasy / © Sinžan Li

500 müň km uzalyp gidýän Gün protuberanesi / © Penfeý Çžou

Bu eserler astronomiki obýektleriň köpdürliligini we dünýäniň dürli künjeklerindäki suratçylaryň ussatlygyny görkezýär.


19.06.2026 19:36
5.8k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:24
6k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

28.05.2026 17:17
5.3k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....