Ispaniýada bir aýal ýumurtga goýmak üçin bulgurlaryň iň uly kolleksiýasyny ýygnady

  • 13.07.2025 18:34
  • 13k+

Ispaniýanyň ýaşaýjysy Mariýa Hose Fuster ýumurtga goýmak üçin niýetlenen bulgurlaryň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady. Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, onuň kolleksiýasynda 15 485 sany şeýle predmet bar.

Fuster kolleksiýa ýygnamak bilen 50 ýyldan gowrak wagt bäri meşgullanýar. Onuň kolleksiýasyna nagyşly bulgurlar, haýwanlaryň, mysal üçin, atlaryň şekilindäki predmetler, şeýle-de Garfild, Supermen we Betti Bup ýaly gahrymanlaryň şekilleri bolan modeller girýär.
Foster ähli eksponatlary öz blogunda görkezip, olaryň her biri barada maglumat berdi. Aýratyn blogda bolsa kolleksiýany doldurmaga kömek eden adamlary sanap geçdi.
2023-nji ýylyň iýul aýynda onuň ýygyndysy dogduk şäheri Kampodaky jemgyýetçilik merkezinde, sergide hödürlendi. Bu kolleksioner üçin ilkinji uly sergi boldy. Häzirki wagtda onuň kolleksiýasyndan 1143 bulgur muzeýde ýerleşdirildi.


15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....