Türkmenistanyň wekilleri "Ýüpek ýoly - 2025" halkara ralli ýaryşyna gatnaşýar

  • 14.07.2025 07:50
  • 8.8k+

Irkutsk şäherinde (RF) «Ýüpek ýoly» atly 15-nji halkara rallisi-marafony başlandy. Bu ýaryşa Türkmenistanyň adyndan T2 seriýaly wnedorožnikler synpynda çykyş edýän üç ekipaž gatnaşýar.

Türkmenistanyň awtosport federasiýasyndan bu synpda şu aşakdaky ekipažlar wekilçilik edýär:

  • 2022-nji ýylyň ýeňijileri we 2023-nji ýylyň kümüş medal eýeleri doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler (ýaryş belgisi — 214);
  • geçen ýyldaky bäsleşigiň bürünç medalçylary Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow (215);
  • Meýlis Abdullaýew bilen Italmaz Çaryýew (216).

Ýaryşdaky ähli ekipažlar Nissan Patrol ulaglarynda çykyş edýärler we diňe biri-biri bilen bäsleşýärler.
Ralliniň Irkutsk — Baýkalsk (256 km) ugrunda geçirilen ikinji tapgyrynda Toýlyýewler birinji orny eýelediler. Abdullaýew ýeňijilerden bary-ýogy 8 sekunt yza galdy, Daňatarow bolsa 1 minut 15 sekunt yzda galdy.
Üç ekipažyň arasyndaky umumy netije tapawudy 3,5 minutdan hem az. Ilkinji tapgyryň ýeňijisi bolan Daňatarow häzirki wagtda Toýlyýewden diňe 1 minut 15 sekunt yza galýar, Abdullaýew bolsa ondan hem takmynan 2 minut soň gelýär.
Ralli 22-nji iýulda Gorno-Altaýsk şäherinde tamamlanar. Uzynlygy 4811,6 kilometr bolan ýaryş Russiýanyň we Mongoliýanyň çäginden geçýär. Ol Gobi çöli, Altaý daglary we Baýkal köli ýaly ýerleri öz içine alýar. Ýaryşa gatnaşyjylary 11 tapgyr we umumy uzynlygy 2402,33 km bolan ýörite ýaryş bölekleri garaşýar.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......