Fransiýada Täze Kaledoniýa döwletini döretmek barada şertnama baglaşyldy

  • 14.07.2025 07:53
  • 6.1k+

Täze Kaledoniýanyň syýasy güýçleri özbaşdaklyga eýe boljak täze döwleti döretmek barada ylalaşyk gazandy. Şol bir wagtyň özünde, ol Fransiýadan doly garaşsyz bolmaz we onuň düzüminde galar. Resminama 12-nji iýulda Parižiň etegindäki Bužiwalda gol çekildi diýip, Politico habar berýär.

Şertnama arhipelagyň garaşsyzlygynyň tarapdarlary bilen garşydaşlaryň arasynda on günden gowrak dowam eden gepleşikleriň netijesi boldy. Ol Täze Kaledoniýanyň ýaşaýjylaryna aýratyn raýatlyk bermegi, iki pasporta eýe bolmak mümkinçiligini we halkara işlere gatnaşmagy göz öňünde tutýar. Fransiýa hem sebitiň ykdysady ösüşine ýardam etmäge borçlanýar diýip, Les Nouvelles Calédoniennes gazeti ýazýar.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron gazanylan ylalaşygy “taryhy” diýip atlandyrdy. “Respublikanyň düzüminde Täze Kaledoniýa döwleti: bu ynamyň esasynda döredilen... Umumy geljegi gurmak üçin hormatyň, durnuklylygyň we hoşniýetliligiň wagty geldi” – diýip, ol X sosial ulgamynda ýazdy.
Täze Kaledoniýa – Awstraliýadan, takmynan, 1500 km uzaklykda, Ýuwaş ummanyň günorta bölegindäki arhipelag. Onuň ilaty 250 müň töweregi adam bolup, olardan 40%-den gowragy kanaklar (bu adalarda gadymdan bäri ýaşaýan melaneziýa halky), 25% töweregi – ýewropalylar, galanlary – metisler we beýleki halklaryň wekilleri.
1853-nji ýyldan bäri bu ýer Fransiýanyň eýeçiligi hasaplanylýar. Resmi taýdan Täze Kaledoniýa “aýratyn statusly administratiw-territorial birlikdir”. 2018, 2020 we 2021-nji ýyllarda ol ýerde üç referendum geçdi we onda ýaşaýjylaryň aglabasy doly garaşsyzlyga garşy ses berdi.
Güýje girmezden ozal, şertnama Fransiýanyň parlamenti we Täze Kaledoniýadaky referendum tarapyndan tassyklanmaly.


11.05.2026 18:16
4.8k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

24.04.2026 21:42
14k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

26.03.2026 17:52
2.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Pariždäki çärelerine gatnaşdy

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Parižde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026)......

14.01.2026 18:08
11k+

Fransiýada çaga dogluş derejesi Ikinji Jahan urşy döwründäki derejä düşdi

Fransiýanyň Milli Statistika we Ykdysady Barlaglar Institutynyň (INSEE) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Fransiýada dogluş derejesi 1944-nji ýyldan bäri iň pes derejä ýetdi. Agentligiň maglumatlarynda 2025-nji ýylda ýurt boýunça 654,000 çaga doglandygy aýdylýar...