Aşgazany ösümlikden doly, taryhda ilkinji ot iýýän pterozawr tapyldy

  • 14.07.2025 17:12
  • 8.9k+

Paleontologlar taryhda ilkinji gezek aşgazanynda ösümlik iýmitiniň galyndylary bolan pterozawryň galyndylaryny tapdylar. Bu açyş agzalan uçýan süýrenijileriň käbir görnüşleriniň ot iýiji bolandygynyň ilkinji göni subutnamasydyr.

Bu galyndy Tapejaridae maşgalasyna degişli Sinopterus atavismus görnüşiniň ýaş wekiline degişlidir we Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Jehol formasiýasynda tapyldy. Barlag Şenýan mugallymçylyk uniwersitetiniň we Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň paleontologlary Sinszýun Çžang we Şunsin Szýan tarapyndan geçirildi. Olaryň işleri Science Bulletin žurnalynda çap edildi.
Topar aşgazanyň içindäkileri öwrenmek üçin ýokary çözgütli rentgen şöhlelerini ulandy. Ýokarky böleginden iri kwars kristallary - haýwanlara iýmiti üwemegine kömek edýän adaty gastrolitler çykdy. Aşaky böleginde bolsa ösümlik maddalaryna mahsus bolan ýüzlerçe fitolitler, mineral gurluşlar bar. Öň pterozawrlarda fitolitler tapylmandy.
Şu wagta çenli pterozawrlar esasan ýyrtyjy hasaplanýardy. Ozal olaryň garnyndan tapylan iýmit galyndylarynda balyk bardy. Ýöne alymlaryň pikirine görä, täze nusga käbir görnüşleri, şol sanda dişleri ýok, ýöne totularyňky ýaly tumşugy bolan tapežaridleri hem öz içine alýan “ot iýijilerdigini doly subut edýär”.
Bu ylmy işe gatnaşmadyk paleontolog Dewid Martill Science žurnalyna beren interwýusynda: "Beýle açyş ýüz ýyldan bir gezek edilýär" diýip belledi.


düýn 17:37
1.6k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......