“Jeýms Uebb” “Kosmos baýguşynyň” şekilini surata aldy

  • 14.07.2025 16:50
  • 4.1k+

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy haýran galdyryjy wakanyň - iki sany halka şekilli galaktikanyň çaknyşygynyň şekilini düşürdi. Bu takmynan 38 million ýyl ozal, Ýerden milliardlarça ýagtylyk ýyly uzaklykda bolup geçdi. Birleşmegiň görnüşi astronomlara baýguşyň gözlerini ýatlatdy, şonuň üçin bu obýekt "Kosmos baýguşy" diýip atlandyryldy.

Halkaly galaktikalar seýrek duş gelýä, olar astronomlaryň berýän maglumatlaryna görä, ähli belli galaktikalaryň takmynan 0,01%-ini tutýar. Şeýle gurluşyň birinjisi  - Hoguň obýekti 1950-nji ýylda Artur Hog tarapyndan açyldy. Iki sany halka şekilli  galaktikanyň arasyndaky çaknyşyklar has-da seýrek ýüze çykýar, bu hem alymlaryň baha bermegine görä, hadysany özboluşly edýär.
Birleşmek prosesinde tutuş ulgamyň massasy takmynan 320 milliard Gün massasydyr. Galaktikalaryň biriniň merkezinde ýagty işjeň ýadro görünýär - bu adatdan daşary uly gara deşik bilen baglanyşykly hasaplanylýar. Hasaplamalara görä, bu galaktikalardaky gara girdaplaryň, degişlilikde, takmynan 67 we 26 million Gün massasy bar.
Galaktikalaryň arasyndaky baýguşyň "çüňküne" meňzeýän sebit güýçli ýyldyz emele geliş zolagy hasaplanýar.
Astronomlar bu görnüşdäki birleşmeleriň galaktikalaryň ewolýusiýasynda möhüm rol oýnaýandygyny bellediler, olar massany artdyrýar, gurluşy üýtgedýär we gazy paýlaýarlar.


22.03.2026 16:34
3.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...