Üç taýkonawt orbitada galdy: olaryň kapsulasyna kosmos zibili zeper ýetirdi

  • 19.11.2025 23:07
  • 8.2k+

“Şençžou-21” missiýasynyň üç hytaýly astronawty Ýere gaýdyp gelmek üçin işläp duran kapsula bolmazdan “Týangun” kosmos stansiýasynda galdy we ol ýerde azyndan bir hepde eglener. Kosmos missiýasy garaşylmadyk ýagdaýa duçar boldy: ekipažyň aşak düşmek üçin işleýän enjamy ýok.

“Şençžou-21-iň” düzümine Çžan Lu, U Feý we Çžan Hunçžan girýär. Olaryň ýagdaýy öňki ekipaž öýe dolanmak üçin ýeke-täk elýeterli kapsulany ulanandan soň kynlaşdy.
Ilkibaşda ähli zat meýilnama boýunça geçmelidi: üçünji noýabrda öňki missiýa tamamlanmaga taýýarlanýardy. Ýöne aşak düşmäge taýýarlykda “Şençžou-20” kapsulasynyň illýuminatorynda jaýrygyň bardygy belli boldy. Onuň kosmos zibiliniň düşmegi sebäpli döräp bilendigi çaklanylýar. Şol sebäpli ekipaž täze ekipaž üçin niýetlenen kapsulany ulanmak kararyna geldi.
Indi stansiýanyň bortundaky üç taýkonawtyň yzyna gaýtmak üçin moduly ýok. Space News-iň maglumatlaryna görä, Hytaýyň kosmos agentligi 24-nji noýabrda “Şençžou-22” gämisini uçurmak mümkinçiligine seredýär. Şol wagta çenli adatdan daşary ýagdaý bolan ýagdaýynda ekipažyň ätiýaçlykdaky ewakuasiýa usuly ýok.
Bilermenler zeper ýeten “Şençžou-20” kapsulasyny, eger jaýryk esasy ulgamlara täsir etmedik bolsa, adatdan daşary ýagdaýda düşmek üçin ulanyp bolar diýip hasaplaýar. Öňki ekipažyň täze gäminiň uçurylmagyna garaşmazlygynyň sebäbi entek belli däl. Çözgüdi stansiýanyň möçberiniň kynlaşdyran bolmagy-da mümkin, çünki “Týangun” HKS-den bäş esse kiçi. 


23.05.2026 15:57
7.6k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
7.9k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.9k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......