2025-nji ýylyň iň ýagty kometasy 21-nji oktýabrda Ýere golaý geler

  • 20.10.2025 14:54
  • 5.5k+

21-nji oktýabrda täze dogan Aý ýagty kometa bolan C/2025 A6 Lemmon-a syn etmek üçin örän gowy şertleri döreder – bu gün asman jisimi Ýere iň ýakyn aralykdan – takmynan, 89 million kilometrden geçer diýip, TASS habar berýär.

Rus astronomy Sergeý Ýazewiň aýtmagyna görä, Aý şuglasynyň bolmazlygy asman jisimine has gowy syn etmäge mümkinçilik berer.

“Aýyň bolmazlygy ýagtylygyň düşmek meselesini aradan aýrar, şonuň üçin açyk howada kometa syn etmek üçin şertler dolan Aýdakydan hem gowy bolar. Diňe ýönekeý teleskop ýa-da dürbi gerek” – diýip, alym aýtdy. Ol kometany 2025-nji ýylda iň ýagtysy diýip atlandyrdy.

Kometa 3-nji ýanwarda açyldy. Onuň orbitasy kometany oktýabrda we noýabrda Demirgazyk ýarym şaryň ähli ýerinde görmäge mümkinçilik berýär. Häzir onuň ýagtylygy eýýäm 5-nji ýyldyz ululygyna ýetdi, iň ýakyn aralyga gelýänçä bolsa, ol 3,8 ýyldyz ululygyna ýeter, bu hem jisimi has görünýän eder.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, kometany Aw itleri ýyldyzlar toplumynda gözlemeli. Oktýabryň ahyrynda ol ýagty Arktur ýyldyzynyň üstünden uçup geçer.
C/2025 A6 Lemmon-yň orbital döwri, takmynan, 1350 ýyl diýlip hasaplanýar. Bu soňky gezek kometanyň Güne we Ýere biziň eramyzyň VII asyrynda şeýle ýakyn gelendigini aňladýar, indiki gezek bolsa ol Ýeriň golaýyndan, takmynan, 3350-nji ýylda uçup geçer. 


22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...