Hytaýda Jeep öndürýän kompaniýa batdy

  • 13.07.2025 19:24
  • 9.8k+

Hytaý kazyýeti ýerli bazarda Jeep awtomobillerini öndürmek üçin döredilen GAC Fiat Chrysler Automobiles (GAC FCA) kompaniýasyny batdy diýip yglan etdi. Stellantis konserni bilen hytaý GAC-yň bilelikdäki kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyrylypdy. Indi ol öz işini gutarnykly bes etdi.

Dolandyryjylaryň maglumatlaryna görä, munuň sebäbi kärhanany üýtgedip gurmagyň we mundan beýläk işi dowam etdirmegiň mümkin bolmazlygy boldy. Kazyýete 1,4 mlrd ýuanlyk 600 töweregi şikaýat arzasy berildi, ýöne auditden soň talap mukdary azaldyldy. Batmagyň yglan edilmegi bilen, aktiwleri paýlamagyň meýilnamasy tassyklandy. Kärhana “düşünendikleri we goldawlary üçin” karz berijilere minnetdarlyk bildirdi.
2022-nji ýylda GAC bilen hyzmatdaşlyk tamamlanandan soň, Stellantis Hytaýda Jeep önümçiligini bes edip, olary ýurda daşary ýurtlardan getirip başlady.
Kärhananyň ýapylmagy daşary ýurt brendlerine islegiň peselmegi we hytaý bazarynda milli awtoöndürijileriň ornunyň güýçlenmegi sebäpli bolup geçdi. 


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......