12k+

Messi penaltini hasaba almazdan gol sany boýunça Ronaldudan öňe geçdi

“Inter Maýaminiň” 38 ýaşly argentinaly hüjümçisi Lionel Messi penaltini hasaba almazdan geçiren gollarynyň sany boýunça rekord eýesi boldy. Messi bu görkeziji boýunça “Al-Nasryň” hüjümçisi we kapitany, portugaliýaly Kriştianu Ronaldudan öňe geçdi...

4.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy

18-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Leghari bilen duşuşdy. Milli Parlamentiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, D.Gulmanowa ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi...

5.2k+

Ford Hytaýda Bronco-nyň adaty bolmadyk has uly görnüşini çykarar

Ford kompaniýasy Bronco modeliniň dünýä bazaryna hödürlenen ähli wersiýalaryndan tapawutlanýan, üýtgedilen görnüşini Hytaý bazaryna çykarmaga taýýarlanýar. Täze model Jiangling Ford bilelikdäki kärhanasy tarapyndan işlenip düzüldi we gibrid hem-de doly elektrik görnüşinde hödürlener...

6.6k+

Menni Pakýao bilen Barriosyň arasyndaky titul söweşi deňme-deň tamamlandy

Sekiz agram derejesinde öňki dünýä çempiony Menni Pakýao Las-Wegasda amerikaly Mario Barrios bilen söweşdi. Söweş 12 raund dowam edip, deňme-deň tamamlandy. Şeýlelikde, 46 ýaşynda karýerasyny dikelden Pakýao 30 ýaşly Barriosdan ýarym orta agramda Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) çempiony titulyny alyp bilmedi...

4.1k+

“Kalmar oýny” Netflix-e çärýek girdejisi boýunça rekord goýmaga kömek etdi

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça Netflix akym hyzmaty üçin rekord 11,08 mlrd dollar girdeji barada hasabat berdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16% köpdür. Netijä, esasan, hyzmatyň iň meşhur iňlis dilli däl taslamasy bolan “Kalmar oýnunyň” ahyrky möwsüminiň çykmagy täsir etdi...

2.1k+

“Ýyldyz söweşlerinden” Dart Weýderiň lazer gylyjy auksiona çykarylar

“Ýyldyz söweşleri: Imperiýa jogap urgusyny berýär” (Звездные войны: Империя наносит ответный удар) we “Jedaýyň gaýdyp gelmegi” (Возвращение джедая) filmlerinde ulanylan Dart Weýderiň şöhle gylyjy Los-Anjelesde auksiona çykarylar...

3.5k+

Indiana Jonsuň gamçysy auksionda ýarym million dollara satyldy

Heritage Auctions auksionynda “Indiana Jons we soňky haçly ýöriş” (Индиана Джонс и последний крестовый поход) filmindäki gamçy 525 müň dollara satyldy. Bu barada Associated Press agentligi habar berdi. “Gamçy – kino taryhynda rowaýaty gahrymanyň, Indiana Jonsuň belli nyşanydyr we ol bu auksionyň esasy wakasyna öwrüldi” – diýip, Heritage Auctions-yň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Jo Maddalena belledi...

2.1k+

BTS taryhynda ilkinji konsert albomyny çykardy

BTS K-pop topary “Permission to Dance On Stage” ady bilen özüniň ilkinji konsert albomyny çykardy. Ol 2021-2022-nji ýyllarda koreý toparynyň dünýä boýunça konsert syýahatynyň dowamynda ýazylan 22 aýdymy öz içine alýar...

1.9k+

Trombon, tüýlek jandar we balet tansçysy: Unicode täze emojileri görkezdi

Unicode konsorsiumy Unicode 17.0 täzelenmesinde peýda boljak täze emojileri görkezdi. Tanyşdyrylyş Bütindünýä emoji gününiň öňüsyrasy geçirildi. Smartfonlarda we kompýuterlerde dokuz sany täze emoji peýda bolar: ·Trombon; ·Hazynaly sandyk; ·Üýtgän ýüz; ·Tüýlek jandar; ·Uruş buludy; ·Gemrilen alma; ·Kit; ·Balet tansçysy; ·Dagdan daşlaryň gaýtmagy...

6.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

17-nji iýulda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Pawel Utýupin bilen Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar...

4.4k+

TSMC şu ýylyň ikinji çärýeginde rekord 13,5 milliard dollar girdeji gazandy

Dünýäde iň iri ýarymgeçiriji öndürijisi bolan Taýwanyň TSMC kompaniýasy 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde rekord girdeji gazanandygyny habar berdi. 17-nji iýulda çap edilen hasabata görä, onuň arassa girdejisi 398,3 milliard taýwan dollary (13,5 milliard amerikan dollary) boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri  bilen deňeşdirilende 60,7 göterim köpdür...

7.1k+

Hytaýda robot-pingwinler metro arkaly sargytlary eltip başlady

Hytaýyň Şençžen şäheriniň metrosynda jemgyýetçilik ulagyna birleşdirilen, dünýäde ilkinji eltip beriş ulgamy işe girizildi: daşky görnüşi pingwine meňzeş 41 sany özbaşdak robot 7-Eleven dükanlar zynjyry üçin haryt daşap başlady...

9.3k+

Tasmaniýada geçen Beaker Street festiwalynda ýylyň iň gowy ylmy suratlary saýlandy

Awstraliýanyň Tasmaniýa ştatynda Beaker Street festiwalynyň çäginde geçirilen ylmy surat bäsleşigini gurnaýjylar ýeňijileriň atlaryny mälim etdiler. Sanawa tebigatyň, makro dünýäniň gözelligini we köpdürlüligini görkezýän suratlar, şeýle hem ylmy takyklyk we çeperçilik garaýşy bilen surata düşürilen  hadysalar girdi...

5.5k+

Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi talyplyga kabul edýär

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul etmek işiniň dowam edýändigini habar berýär: Elektrik beketler, torlar we ulgamlar...

6.6k+

Täze BMW Neue Klasse Hytaýda ýerli Momenta-dan awtopilot alar

BMW konserni Hytaýyň şertlerine uýgunlaşdyrylan elektrik ulaglary bolan Neue Klasse maşgalasy üçin ýarym awtonom dolandyryş ulgamyny işläp taýýarlajak Hytaýyň Momenta başlangyjy bilen şertnama baglaşdy. Hytaýda modelleriň satuwy 2026-njy ýylda başlamaly diýip, Tencent News neşiri habar berýär...

2.6k+

Buharestde Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Rumyniýa Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň 8-nji mejlisine taýýarlanyp başladylar. Mejlis 2025-nji ýylyň güýzünde Buharesde geçiriler. Bu mesele Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew bilen Rumyniýanyň Maýa goýum we daşarky söwda agentliginiň wise-prezidenti Doru-Klaudian Frunzulikeniň arasynda geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy boldy...

8.8k+

Tramp steýblkoinleri düzgünleşdirmek barada kanuna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 18-nji iýulda steýblkoinleri düzgünleşdirmek barada ilkinji federal kanuna gol çekdi. Bu barada Bloomberg habar berýär. “Steýblkoin pudagynda milli innowasiýalary dolandyrmak we kesgitlemek barada kanun” (GENIUS Act) atly resminama steýblkoin amallary üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmäge gönükdirildi...

3.1k+

Kriptobazaryň kapitalizasiýasy 4 trln dollara golaýlady

Dünýäniň kriptowalýuta bazarynyň kapitalizasiýasy rekord 3,91 trln dollara ýetip, täze taryhy görkezijä golaýlady. Sanly aktiwlere bolan gyzyklanmanyň ýokarlanmagy bilen esasy walýutalaryň bahasy hem ösdi. Bitkoiniň bahasy ýene-de ýokary galyp, 14-nji iýulda hasaba alnan iň ýokary derejä golaýlady – 123 müň dollardan gowrak...

6k+

Hökümet mejlisinde awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada aýdyldy

18-nji iýulda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, brifingleri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar...