Jonni Depp “Ussat we Margarita” romanynyň ekranlaşdyrmasyna prodýuserlik eder we gatnaşar

  • 12.12.2025 14:34
  • 1.2k+

Amerikan aktýory Jonni Depp Mihail Bulgakowyň “Ussat we Margarita” (Мастер и Маргарита) romany boýunça iňlis dilinde düşüriljek filmiň prodýuseri bolar. Taslama barada Saud Arabystanynda geçirilen kinofestiwalda aýdyldy diýip, Variety habar berýär.

Filmi döretmegiň üstünde Deppiň IN.2 Film kinostudiýasy işlär. Aktýor filmde rollaryň birini ýerine ýetirip biler, ýöne hut haýsy keşpde oýnajakdygy entek belli däl.
Şeýle-de, filmiň prodýuserleri bolup Swetlana Migunowa-Dali we Greýs Lo çykyş eder. Olar 2017-nji ýylda romany ekrana geçirmek üçin hukuk satyn aldy. Plot telegram-kanalynyň maglumatlaryna görä, hut şu sebäpli ýakynda Mihail Lokşiniň rus ekranlaşdyrmasy ABŞ-da we Beýik Britaniýada görkezilmedi.
Taslamanyň entek režissýory ýok, aktýorlar düzümi-de yglan edilmedi. Filmi 2026-njy ýylyň ahyrynda düşürip başlamak meýilleşdirilýär.
Depp bu işe “Žanna Dýubarri” filminiň topary bilen bilelikde ýolbaşçylyk eder. Bu Bulgakowyň romanynyň iňlis dilinde ilkinji wersiýasy bolar.
Häzir Depp Paramount studiýasynyň “Roždestwo hekaýasy” filmi bilen meşgul. Onuň premýerasy 2026-njy ýylyň güýzüne meýilleşdirilýär.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....