Serdar Berdimuhamedow Yragyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

  • 12.12.2025 01:31
  • 3.6k+

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid bilen duşuşdy. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan Halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Halkara forumyň ählumumy parahatçylygy berkitmekde, halklaryň arasynda ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda we häzirki döwrüň meseleleriniň bilelikdäki çözgüdini işläp taýýarlamakda möhüm esas boljakdygyna, Prezident Abdul Latif Raşidiň ýurdumyza şu saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky dostluga, birek-birege hormat goýmaga we özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn derejede hem-de abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň  çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......