Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen gutlady

  • 12.12.2025 09:45
  • 6.4k+

Şu gün - 12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şanly sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny gutlady.

Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä bileleşiginiň ýokary syýasy goldawy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnama kabul edilip, ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, uzak bolmadyk döwürde eziz Watanymyzyň iň täze taryhyna şan-şöhratly sahypalar ýazylyp, Bitarap ýurdumyz dünýäde ygtybarly hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren halkara başlangyçlary bilen Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Türkmenistan birnäçe gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna hem-de bu guramanyň düzümlerine agzalyga saýlandy.

«Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ata Watanymyzyň binýadynyň baş sütünleridir, ähli ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Biz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, Bitarap ýurdumyzyň iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirilen ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Mähriban halkymyzyň gurujylyk we döredijilik güýji, watansöýüjilik buýsanjy bilen täze, döwrebap obadyr şäherleriň gurluşygyny depginli dowam etdirýäris, iri senagat, energetika, ulag-kommunikasiýa düzümlerini döredýäris. Bütin dünýäde abadançylygyň hem-de bagtyýarlygyň bähbidine gönükdirilen bu işler Bitarap Türkmenistany ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde ykrar etdirip, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär" diýip, döwlet Baştutany gutlagynda belleýär.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....