Güýçli ýagyş ABŞ-nyň demirgazyk-günbatarynda uly suw joşgunlaryna sebäp boldy

  • 12.12.2025 18:06
  • 10k+

Waşington amerikan ştaty 8-nji dekabrda başlan güýçli ygallar sebäpli uly suw joşgunlary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bilermenleriň hasaplamalary boýunça, tebigy betbagtçylyk soňky 35 ýylda iň güýçlüsi boldy diýip, New York Times we The Guardian habar berýär.

Aýratynam, ştatyň günbatar sebitleri uly zyýan çekdi, suw joşguny Aýdaho we Oregon ştatlaryndaky birnäçe okruglara hem zyýan ýetirdi. Onlarça müň ýaşaýjy ewakuasiýa taýýarlanýar. Skagit we Snohomiş derýalarynyň boýunda ýaşaýan ýaşaýjylar betbagtçylyk zolagyndan çykmaga taýýarlanmak tabşyrygyny aldy. Pýuallap derýasynyň boýundaky käbir ýaşaýjylara eýýäm öz öýlerini terk etmek tabşyryldy. Foll-Siti (Sietliň golaýyndaky şäher) arkaly akýan Snokwalmi derýasy hem kenardan daşdy.
Waşington ştatynyň gubernatory Bob Fergýuson adatdan daşary ýagdaý režimini girizmek barada permana gol çekdi. Betbagtçylykdan zyýan çekenlere kömek etmek üçin ştata milli gwardiýanyň 300 esgeri geldi.
Gidrologlar gullugynyň koordinatory Jeýson Ellis bir günde sebitde 10-dan 25 sm çenli ygalyň ýagandygyny belläp, bentleriň ýykylmak töwekgelçiligi barada duýdurdy.
Sietliň Milli meteorologiýa gullugy ýaşaýjylara derýalarda suwuň derejesiniň çalt göterilmegi barada duýdurdy. Berlington, Sedro-Wulli, Konkrit we Maunt-Wernon şäherlerine suw basyp almak howpy abanýar. Bu ýerlerde 60 müň töweregi adam ýaşaýar.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....