Billi Aýliş Jeýms Kemeronyň režissýorlygynda düşürýän dokumental 3D-filminiň treýlerini görkezdi

  • 12.12.2025 16:56
  • 2.6k+

Billi Aýlişiň YouTube kanalynda «Hit Me Hard And Soft: The Tour (Live In 3D)» dokumental filminiň treýleri peýda boldy. Onuň kinoteatrlarda premýerasy 20-nji martda bolar.

Film aýdymçynyň «Hit Me Hard And Soft» albomyny goldamak üçin dünýäniň dürli ýerlerinde beren konsertlerine bagyşlanýar. Filmiň režissýory Jeýms Kemeron («Titanik», «Awatar») boldy.
Treýler 2024-nji ýylyň 29-njy sentýabryndan 2025-nji ýylyň 23-nji noýabry aralygynda geçen konsert syýahatynyň perde aňyrsyny görkezýär. Bu Aýlişiň ýedinji we dogany hem prodýuseri Finneasyň gatnaşmazlygynda ilkinji konsert syýahaty boldy. Wideoda artistiň onuň ýoklugyna gynanýandygy, şeýle-de yzygiderli çykyşlar sebäpli fiziki agyrylar we ýadawlyk bilen nähili göreşýändigi görkezilýär.
Mundan başga-da, wideoda syýahatynyň dowamynda aýdymçynyň ýanynda bolup, oňa ruhy goldaw beren güjükleri bilen kadrlar bar.
«Hit Me Hard And Soft: The Tour» konsert syýahaty Demirgazyk Amerikada, Awstraliýada, Ýewropada, Birleşen Patyşalykda, Irlandiýada we Ýaponiýada 106 konserti öz içine aldy.
«Hit Me Hard and Soft» Aýlişiň üçünji studiýa albomy boldy. Şu ýyl Grammy dabarasynda albom we ondaky aýdymlar «Ýylyň albomy», «Iň gowy pop-albom», «Ýylyň aýdymy» we «Ýylyň ýazgysy» ýaly ýedi nominasiýada dalaşgär görkezildi.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....