Arkadag şäherinde baýramçylyk mynasybetli täze öýleriň eýelerine açarlar gowşuryldy

  • 12.12.2025 15:14
  • 6.9k+

11-nji dekabrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Dabarada çykyş edenler oňa gatnaşyjylary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de munuň ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň netijesidigini bellediler.
Täze öýleriň eýelerine açarlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şol pursatda asmana ak kepderiler uçuryldy. Joşgunly aýdym-sazlaryň owazy bilen utgaşyklylykda parahatçylygyň, dost-doganlygyň we asudalygyň nyşany hasaplanylýan kepderileriň uçurylmagy ajaýyp baýramçylygyň — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk senesiniň we her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň many-mazmuny bilen sazlaşýar.
Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň dürli milli toýlarynyň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary tarapyndan sahnalaşdyrylan tomaşasyny hem synladylar. Şolarda dünýä inen täze bäbejigiň maşgala ojagyna gelmegi, diş, galpak, sünnet toýlary, maşgalada gelin edinmek toýy we beýleki milli däp-dessurlar ussatlyk bilen janlandyryldy.
Şeýle hem dabara gatnaşyjylar täze jaýdan nesibeli bolan maşgalalaryň öýlerine baryp, döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......