Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

  • 12.12.2025 13:00
  • 4.4k+

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň ähli tapgyrlarynda Azerbaýjanyň möhüm orun eýeländigini aýratyn nygtady.

“Azerbaýjan bu prosesde bize ikitaraplaýyn derejede, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde yzygiderli goldaw berdi. Biz hemişe azerbaýjan halkynyň doganlyk goldawyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet bolmaga ymtylmasynda raýdaşlygyny duýduk. Şoňa görä-de, men bu baýramy biziň umumy baýramymyz we umumy üstünligimiz hasaplaýaryn” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Prezident Ilham Aliýew iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de oňyn netijesini berjekdigine ynam bildirip, Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.
Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzda «Toý bilen ýas bile gelermiş» diýen jümläniň bardygyny aýdyp, ertir azerbaýjan halkynyň öz umumymilli Liderini hem-de häzirki Azerbaýjanyň esaslandyryjysy Geýdar Aliýewi hatyralaýandygyny belledi.

“Siziň kakaňyz görnükli syýasatçy we halkara derejeli döwlet işgäri bolupdy. Ol türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin köp işleri bitirdi. Şoňa görä-de, Geýdar Aliýewiň ady Türkmenistanda uly hormat bilen ýatlanylýar. Men onuň ýagty ýadygärligini hatyralaýaryn hem-de Türkmenistan bilen dostlugy pugtalandyrmak boýunça bitiren işleri üçin Geýdar Aliýewiň adynyň ýurdumyzda unudylmajakdygyny azerbaýjan halkyna ýetirmegiňizi haýyş edýärin” diýip, Milli Liderimiz aýtdy.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......