Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 12.12.2025 10:56
  • 2.9k+

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Bitarap Türkmenistanda saparda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýy esasynda daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Bu ugurda ýurdumyz Afrika döwletleri bilen gatnaşyklaryň geljeginiň uludygyny göz öňünde tutup, sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Karlos Manuel Wila Nowanyň şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygyny belläp, bu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ähmiýetli waka bolandygyny aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny Aşgabat şäherinde kabul edýändigine kanagatlanma bildirip, şu gezekki saparyň üstünliklere beslenip, Türkmenistan bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.


şu gün 12:31
1.8k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
434

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
667

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......