Robot-hirurg ilkinji gezek kataraktany aýyrmak boýunça operasiýa geçirdi

  • 12.12.2025 15:36
  • 5.8k+

Lukmançylyk bilen inženerçiligiň çatrygynda göz hirurgiýasynda uly öwrülişikleri wada berýän düýpli öňe gidişlik boldy: Kaliforniýanyň Los-Anjeles uniwersitetinde (UCLA) işlenip düzülen robot ulgamy dünýäde ilkinji gezek adamda kataraktany aýyrmak boýunça operasiýany üstünlikli geçirdi. Bu barada "Interesting Engineering" habar berýär.

Oftalmologiýanyň täze döwrüni alamatlandyrýan bu waka "Horizon Surgical Systems" kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy we planetadaky iň ýaýran keselleriň birini bejermek tejribesini üýtgedip biler. Her ýyl dünýäde millionlarça adam bu operasiýadan geçýär, bu bolsa mikrometr inçelikdäki dury dokumalar bilen işlemekde aýratyn takyklygy talap edýär.
Ilkinji kliniki synagyň çäginde, UCLA-nyň Jýuls Şteýn Göz Institutynyň on sany hassa hiç hili kynçylyksyz robotlaşdyrylan operasiýany üstünlikli geçdi. Doktor Udaý Dewgan we Dawid Lozano Giral "Polaris" atly ulgamy ýörite "kabinadan" dolandyrdylar: olara duýgur dolandyryş elementleri we hakyky wagt tertibinde 3D şekil kömek etdi.
Robot manipulýatorlary şahanyň mikrokesiklerini etdiler, dumanlanan hrustaljagazy aýyrdylar we emeli hrustaljagazy goýdular. Gözlegçiler guralyň takyklygyny 0,053 millimetr derejesinde tassyklap, ulgamyň operasiýanyň iň inçe ädimlerini howpsuz ýerine ýetirmek mümkinçiligini görkezdi.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......