«Ýetginjeklik döwri» we «Andor»: Variety 2025-nji ýylyň iň gowy seriallaryny saýlady

  • 12.12.2025 14:32
  • 1.6k+

Variety tankytçylar Aramid Tinubu we Elison Herman tarapyndan düzülen 2025-nji ýylyň iň gowy seriallarynyň reýtinglerini hödürledi. Sanawa jenaýat wakalaryndan başlap, tok-şoulara çenli dürli žanrdaky animasion we oýun taslamalary girdi. Olar ýokary hilliligi we gahrymanlaryň ünsli işlenmegi, şeýle-de beýleki seriallaryň arasyndan öňe saýlanmagy bilen tapawutlanýar.

Aramid Tinubu öz sanawynda birinji orunda Netflix-iň «Ýetginjeklik döwri» (Переходный возраст) mini-serialyny ýerleşdirdi. Sýužet synpdaşynyň ölüminde aýyplanýan 13 ýaşly ýetginjek barada gürrüň berýär. Taslama täzeçil formaty we sosial ulgamlaryň basyşy, internet medeniýetiniň täsiri ýaly möhüm temalary gozgaýandygy üçin ykrar edildi.
Reýtingde ikinji orny tiz kömegiň hysyrdyly işi barada HBO Max-yň «Pitt» serialy eýeledi. Üçlügi Netflix-iň Judi Blumyň ýetginjeklik söýgüsi barada romanyna esaslanýan «Hemişe» (Навсегда) taslamasy jemledi.
Aramid Tinubunyň giňeldilen reýtingine şular hem girdi: «Jennet», «Ol: Derrä hoş geldiňiz», «Ýat ýurtly: Ganymyň gany», «Müň urgy», «Boýun egmezek», «Altyn çaýylan asyr» we «Merdo: Maşgaladaky ölüm».
Elison Herman birinji orna Disney+ platformasynyň «Andor» serialyny goýdy. Tankytçy onda rewolýusiýa, awtoritarizm we syýasy zorluk temalarynyň giňişleýin öwrenilýändigini belleýär.
Onuň sanawynda ikinji orny Netflix-iň Şwars-Kuper maşgalasyna bagyşlanan «Gysgaça aýdylanda» (Короче говоря) animasion serialy eýeledi. Öňdebaryjylaryň üçlügini Tinubunyň sanawynda ikinji orny eýelän «Pitt» serialy jemledi.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....