Italýan aşhanasy adamzadyň maddy däl medeni mirasy diýlip ykrar edildi

  • 12.12.2025 12:51
  • 2.8k+

Italiýanyň aşhana däpleri resmi taýdan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada Italiýanyň premýer-ministri Jorja Meloni habar berdi.

Çözgüt Nýu-Delide geçirilen sessiýada Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti tarapyndan kabul edildi.

«Şu gün ÝUNESKO italýan aşhanasyny bütindünýä mirasynyň obýekti diýip ykrar etdi. Biz aýratynlygymyzy we özboluşlylygymyzy görkezýän bu ykrarnamany alan dünýäde ilkinji ýurt bolduk. Biz italýanlar üçin aşpezlik – bu ýönekeý bir iýmit ýa-da reseptler toplumy däl. Bu has uly zat: bu medeniýet, däp-dessur, zähmet we baýlyk» — diýip, Jorja Meloni belledi.

La Stampa neşiriniň belleýşi ýaly, bu çözgüt üýtgeşik hasaplanýar, çünki häzire çenli sanawa tutuş bir milli aşhana däpleri däl-de, diňe aýry-aýry tagamlar ýa-da reseptler girizilipdi. Komitetiň netijesine görä, italýan aşhana sungaty «biomedeni köpdürlülik bilen durnukly ösüşi» özünde jemleýär.
Italiýa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen obýektleriň sany boýunça dünýäde öňdebaryjylygy saklaýar. Ozal maddy däl mirasyň sanawyna «pizzaýolo» hökmünde belli bolan neapolitan pizzasyny taýýarlamagyň usuly goşulypdy. 


21.06.2026 16:13
4.7k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

10.06.2026 08:53
3.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.3k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......