Täze Opel Astra üýtgeşik dizaýna we has ösen tehnologiýalara eýe boldy

  • 12.12.2025 16:45
  • 8.8k+

Täzelenen Open Astra-nyň global premýerasy soňky dört ýylda modeliň ilkinji uly täzelenmesi boldy.

Dizaýnerler modeliň umumy durkuny saklady, ýöne öň bölegi düýpli üýtgedildi. Opel Vizor ulgamy has giň LED elementlerine we yşyk bilen ýanýan Opel Blitz logotipine eýe boldy. Şeýle-de, bamper üýtgedildi we 17 hem 18 dýuým diametrli täze tigir diskleri hödürlendi. Täzelenme hetçbege we Astra Sports Tourer uniwersalyna hem täsir etdi.

Salonda täze çözgütler peýda boldy. Indi ähli wersiýalar Intelli-Seats oturgyçlary bilen üpjün edilýär. Olar gaýtadan işlenen ReNewKnit materialyndan taýýarlandy we ýyladyjy, massaž ulgamlary hem-de sazlamalar toplumy bilen elýeterlidir. Iki sany 10 dýuýmlyk ekran bilen hödürlenen muldimedia ulgamynyň we sanly enjam paneliniň interfeýsi has ýönekeý we düşnükli boldy.

Hereketlendiriji hatary täzelenen Peugeot 308 bilen gabat gelýär. Oňa 129 at güýjüni (a.g.) berýän 1,5 litrlik dizel hereketlendirijisi, 143 at güýjüni berýän 1,2 litrlik hereketlendirijiniň esasynda «ýumşak» gibrid, 192 a.g. kuwwatly 1,6 litrlik hereketlendirijiniň esasynda zarýad berilýän gibrid, şeýle-de 154 a.g. kuwwatly doly elektrik wersiýasy girýär.

Elektrik wersiýasy WLTP boýunça 454 km çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýän 58 kWt/sag sygymly batareýa bilen enjamlaşdyryldy.

Täzelenen Opel Astra-nyň köpçülikleýin premýerasy 9-njy ýanwarda Brýusseldäki awtosalonda bolar. Şondan soň Ýewropada satylyp başlanar. Model Volkswagen Golf, Peugeot 308, Toyota Corolla we Hyundai i30 bilen bäsleşer.


09.10.2025 18:18
9.6k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

27.09.2025 19:12
9.9k+

Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler

Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy...

19.09.2025 14:53
2.8k+

755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar

Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi...

31.08.2025 08:52
7.3k+

Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz

Germaniýanyň Opel awtoulag öndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryny önümçilikden aýyrmak baradaky meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada ITHome portaly habar berýär. Iki ýyl ozal kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap ähli täze modelleriň elektrikli görnüşde öndüriljekdigini we 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny mälim edipdi...