755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar

  • 19.09.2025 14:53
  • 2.8k+

Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, kampaniýa 756 916 awtomobile täsir etdi. Sanawa Opel, Peugeot, Fiat, Citroën, DS, Lancia we Alfa Romeo ýaly markalaryň modelleri girdi.
GFR-iň Federal awtotransport edarasy yzyna gaýtarmagyň sebäbiniň ýokary basyş turbogeçirijisi bilen ýangyç rampasynyň arasyndaky seplemiň ýeterlik derejede berkidilmezligi bolandygyny aýtdy.
Edaranyň maglumatlar bazasyna görä, 17-nji iýuna çenli ýagdaýa görä, bu kemçilik bilen baglanyşykly 11 ýanma hadysasy hasaba alyndy.
Öndüriji kampaniýanyň täsirine düşýän awtomobilleriň hyzmat merkezlerinde barlanjakdygyny habar berdi. Ulag eýeleri habarnama alar we bolup biljek töwekgelçilikleriň öňüni almak üçin habara öz wagtynda jogap bermelidir. 


14.04.2026 14:41
1.7k+

Stellantis täze Opel we Alfa Romeo modellerini işläp düzmegi hytaýlylara tabşyrar

Stellantis konserni Opel we Alfa Romeo markalarynyň täze elektromobillerini işläp düzmek boýunça Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Reuters agentligi pudakdaky çeşmelerine......

12.12.2025 16:45
9.3k+

Täze Opel Astra üýtgeşik dizaýna we has ösen tehnologiýalara eýe boldy

Täzelenen Open Astra-nyň global premýerasy soňky dört ýylda modeliň ilkinji uly täzelenmesi boldy. Dizaýnerler modeliň umumy durkuny saklady, ýöne öň bölegi düýpli üýtgedildi. Opel Vizor ulgamy has giň LED elementlerine we yşyk bilen ýanýan Opel Blitz logotipine eýe boldy...

09.10.2025 18:18
9.8k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

27.09.2025 19:12
10k+

Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler

Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy...