Serdar Berdimuhamedow Sadyr Žaparow bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşdy

  • 12.12.2025 11:09
  • 3.2k+

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Sadyr Žaparow halkara forumyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýdyp, Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak forumda häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Gyrgyz Respublikasyny dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Taryhyň, medeniýetiň umumylygy, milli däp-dessurlara ygrarlylyk we bilelikdäki ösüşe ymtylmak onuň berk binýadyny emele getirýär. Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşmagyň dowamynda özara haryt dolanyşygynyň netijeli ösüş häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler we ony mundan beýläk-de artdyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdiler.


şu gün 12:31
1.7k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
407

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
659

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......