Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizildi

  • 11.12.2025 22:30
  • 6.7k+

Türkmenistanyň hödürlän “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungaty” atly hödürnamasy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada gutarnykly çözgüt 11-nji dekabrda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edildi.

Bu çözgüt Komitetiň 24 agzasynyň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu bolsa garaşsyz bilermenleriň we ÝUNESKO-nyň baha beriş toparynyň ýokary we oňyn seljermesine esaslanýar.
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan “Türkmen alabaýlary” Halkara assosiasiýasy bilen bilelikde taýýarlanan hödürnama bukjasyna ussatlaryň, itşynaslyk bilen meşgullanýan maşgalalaryň, alym-barlagçylaryň, şeýle hem alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň meşhur bilermenleriniň we muşdaklarynyň giňden gatnaşmagy girizildi. Munuň özi hödürnamanyň taýýarlanylyşynda bu däbi dowam etdirýän adamlaryň işjeň gatnaşmagynyň nusgalyk mysaly hökmünde bellenildi we bu ugurda aýallaryň möhüm ornuna aýratyn üns berildi.

Döwlet syýasatynyň çäklerinde ýerli häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary we däbi dowam etdirýänler bilen ysnyşykly işleşip, bu sungaty goramak boýunça toplumlaýyn we yzygiderli çärelere ýokary baha berildi. Bu çäreler türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň gadymy däpleriniň durnuklylygyny üpjün edýär we nesilleriň dowamatlygyny berkidýär.
Mejlisiň dowamynda döwletleriň Konwensiýanyň çäginde dürli sanawlara girizmek üçin hödürlän 66 milli we köpmilli hödürnamalar ara alnyp maslahatlanyldy. Olardan 54-si Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna, 11-si Gyssagly goraga mätäç maddy däl medeni mirasyň sanawyna, 1-i Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça iň gowy tejribeleriň sanawyna girizilmäge hödürlenendir.
Hökümetara komitetiniň mejlisiniň işi şu ýylyň 13-nji dekabryna çenli dowam eder.


düýn 16:07
1.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

30.05.2026 11:21
2.5k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......