Stokgolmda we Osloda 2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

  • 11.12.2025 19:12
  • 3.8k+

Stokgolmda fizika, himiýa, lukmançylyk, ykdysadyýet we edebiýat ugurlary boýunça 2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Çäre Stokgolmyň konsert zalynda geçdi we oňa Şwesiýanyň patyşalyk maşgalasynyň agzalary, premýer-ministr Ulf Kristersson, hökümet we partiýa wekilleri, daşary ýurt myhmanlary, şeýle-de laureatlar we çagyrylan myhmanlar gatnaşdy.
Şu ýyl fizika boýunça baýragy Jon Klark, Mişel Dewore we Jon Martinis, himiýa boýunça – Susumu Kitagawa, Riçard Robson we Omar M. Ýagi, lukmançylyk boýunça – Meri Brankou, Fred Ramsdell we Şimon Sakaguçi, ykdysadyýet boýunça – Joel Mokir, Filipp Agion we Piter Hauitt, edebiýat boýunça baýragy bolsa Laslo Krasnahorkai aldy.
Her bir laureat diplom, Nobel medalyny we 11 mln şwed krony (1,1 mln ABŞ dollary) möçberinde pul baýragyny aldy.
Osloda hem aýratyn dabara geçirilip, parahatçylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy. 2025-nji ýylda bu baýragyň eýesi bolan Mariýa Korina Maçado Oslo gelse-de, dabaranyň özüne gatnaşyp bilmedi. Onuň adyndan baýragy gyzy Ana Korina Sosa aldy.


13.10.2025 17:20
5k+

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy innowasiýalar bilen ösüşiň arasyndaky baglanyşygyň öwrenilendigi üçin berildi

2025-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýrak Joel Mokire, Filipp Agiona we Piter Hauite berildi. Bu barada Şwesiýanyň patyşalyk ylymlar akademiýasy habar berdi. Baýragyň ýarysyny tehnologik ösüşiň esasynda ykdysadyýetiň durnukly ösmeginiň sebäplerini düşündirendigi üçin amerikan-ysraýylly ykdysadyýet taryhçysy Joel Mokir alar...

10.10.2025 17:21
6.7k+

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Wenesueladan syýasatçy Mariýa Korino Maçado aldy

Osloda 2025-nji ýylyň Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi yglan edildi. Baýraga Wenesueladan oppozision syýasatçy Mariýa Korino Maçado mynasyp boldy. Ozal Maçado Wenesuelanyň parlamentiniň deputaty bolupdy we 2012-nji ýylda prezident saýlawlaryna gatnaşdy...

16.08.2025 18:03
18k+

Ýedi ýurduň Liderleri Trampy Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemek teklibini goldady

Ak tam ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenmegini goldan daşary ýurt Liderleriniň sanawyny çap etdi. Bu habar Ak tamyň resmi saýtynda, X sosial ulgamynda ýerleşdirildi...

12.12.2024 11:26
3.2k+

Osloda “Nihon Hidankýo” ýapon guramasynyň wekillerine Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

10-njy dekabrda Osloda, Alfred Nobeliň hatyralanýan güni Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl baýrak ýadro ýaragyndan azat dünýäni gurmak ugrundaky tagallalary üçin Ýaponiýanyň...