Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Wenesueladan syýasatçy Mariýa Korino Maçado aldy

  • 10.10.2025 17:21
  • 6.6k+

Osloda 2025-nji ýylyň Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi yglan edildi. Baýraga Wenesueladan oppozision syýasatçy Mariýa Korino Maçado mynasyp boldy.

Ozal Maçado Wenesuelanyň parlamentiniň deputaty bolupdy we 2012-nji ýylda prezident saýlawlaryna gatnaşdy.
Geçen ýyl parahatçylyk baýragyny Hirosimadaky we Nagasakidäki atom partlamalarynyň pidalaryny birleşdirýän “Nihon Hidankio” ýapon guramasy aldy.
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy, adatça, Osloda yglan edilýär. Ol Nobel hepdeliginde iň soňkudan öňki baýrakdyr. Ahyrynda Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragyň eýeleri atlandyrylar – bu 13-nji oktýabrda bolar.
Mundan öň fiziologiýa we lukmançylyk, fizika, himiýa we edebiýat boýunça Nobel baýraklarynyň eýeleri belli boldy.
Ähli baýraklaryň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda Stokgolmda we Osloda – baýragyň esaslandyryjysy Alfred Nobeliň aradan çykan güni geçiriler. 


13.10.2025 17:20
4.9k+

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy innowasiýalar bilen ösüşiň arasyndaky baglanyşygyň öwrenilendigi üçin berildi

2025-nji ýylda Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýrak Joel Mokire, Filipp Agiona we Piter Hauite berildi. Bu barada Şwesiýanyň patyşalyk ylymlar akademiýasy habar berdi. Baýragyň ýarysyny tehnologik ösüşiň esasynda ykdysadyýetiň durnukly ösmeginiň sebäplerini düşündirendigi üçin amerikan-ysraýylly ykdysadyýet taryhçysy Joel Mokir alar...

16.08.2025 18:03
18k+

Ýedi ýurduň Liderleri Trampy Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemek teklibini goldady

Ak tam ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlenmegini goldan daşary ýurt Liderleriniň sanawyny çap etdi. Bu habar Ak tamyň resmi saýtynda, X sosial ulgamynda ýerleşdirildi...

05.07.2025 08:37
3.7k+

Serdar Berdimuhamedow Nikolas Madurony Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär...

14.06.2025 13:39
2k+

Aşgabatda Türkmenistanyň we Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistan bilen Wenesuelanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Wenesuelanyň wekiliýetine bu ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Tatýana Pýu Morena ýolbaşçylyk etdi...