Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi

  • 12.12.2025 13:10
  • 7.7k+

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara howa menzilinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen  gysgaça ikiçäk duşuşyklary geçirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Türkmenistana gelendikleri üçin döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşlikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtda barha ösdürilýändigine üns çekilip, hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykaryljakdygyna ynam bildirildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......