Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň Prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi

  • 12.12.2025 11:57
  • 7.5k+

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Serdar Berdimuhamedow Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini, Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda belent mertebeli myhmanlar türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutladylar.









şu gün 12:20
287

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......