«Lion», «Aston Willa» we «Betis» Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

  • 12.12.2025 16:20
  • 3.3k+

12-nji dekabra geçilen gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynyň 6-njy oýunlary tamamlandy. Olaryň netijesi boýunça, fransuz «Liony» ýaryş jedweliniň başyndaky ornuny saklady. Topar öýünde Niderlandlaryň «Gou Ehed Iglz» klubuny 2:1 hasabynda utup, 15 utuk bilen ýazky pleý-off tapgyryna çykdy.

Ikinji we üçünji orunlarda ýerleşen «Midtýulland» (Daniýa) we «Aston Willa» (Angliýa) hem şonça utuk gazandy.
Şeýle-de, «Betis» (Ispaniýa), «Fraýburg» (Germaniýa) we «Ferenswaroş» (Wengriýa) pleý-offa çykmagyny kepillendirdi.
Ýewropa ligasynyň altynjy tapgyrynyň netijeleri:

  • ·«Ýang Boýz» – «Lill» 1:0
  • ·«Midtýulland» – «Genk» 1:0
  • ·«Utreht» – «Nottingem Forest» 1:2
  • ·«Ferenswaroş» – «Reýnjers» 2:1
  • ·«Dinamo» Zagreb – «Betis» 1:3
  • ·«Nissa» – «Braga» 0:1
  • ·«Ludogores» – PAOK 3:3
  • ·«Şturm» – «Srwena Zwesda» 0:1
  • ·«Ştutgart» – «Makkabi» Tel-Awiw 4:1
  • ·«Seltik» – «Roma» 0:3
  • ·«Portu» – «Malme» 2:1
  • ·«Bazel» – «Aston Willa» 1:2
  • ·FKSB – «Feýenoord» 4:3
  • ·«Lion» – «Iglz» 2:1
  • ·«Panatinaikos» – «Wiktoriýa» 0:0
  • ·«Selta» – «Bolonýa» 1:2
  • ·«Fraýburg» – «Zalsburg» 1:0
  • ·«Brann» – «Fenerbahçe» 0:4

Konferensiýa ligasynda umumy tapgyryň tamamlanmagyna bir oýun galanda sekiz klub toparçadan çykmagyny kepillendirdi. Ýaryş jedwelinde lider «Strasburg» göni 1/8 finalda oýnar. Şeýle-de, ýollamany «Şahtýor» (Ukraina), «Rakuw» (Polşa), «AEK» (Gresiýa), «Samsunspor» (Türkiýe), «Sparta» (Çehiýa), «Raýo Walýekano» (Ispaniýa) we «Maýns» (Germaniýa) aldy.
Konferensiýa ligasynyň bäşinji tapgyrynyň netijeleri:

  • ·«Fiorentina» – «Dinamo» Kiýew 2:1
  • ·«Heken» – AEK Larnaka 1:1
  • ·«Breýdablík» – «Şemrok Rowers» 3:1
  • ·«Drita» – «Alkmaar» 0:3
  • ·«Noa» – «Legiýa» 2:1
  • ·«Ýagelloniýa» – «Raýo Walýekano» 1:2
  • ·«Şkendiýa» – «Slowan» 2:0
  • ·«Samsunspor» – AEK Afiny 1:2
  • ·«Uniwersitatýa» – «Sparta» 1:2
  • ·«Aberdin» – «Strasburg» 0:1
  • ·«Hamrun Spartans» – «Şahtýor» 0:2
  • ·«Riýeka» – «Sele» 3:0
  • ·«Leh» – «Maýns» 1:1
  • ·KuPS – «Lozanna-Sport» 0:0
  • ·«Linkoln Red Imps» – «Sigma» 2:1
  • ·«Rakuw» – «Zrinski» 1:0
  • ·«Şelburn» – «Kristal Pelas» 0:3
  • ·«Rapid» – «Omoniýa» 0:1

şu gün 13:40
4.8k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.7k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......