Samsung Apple Liquid Glass stiliniň dizaýny bilen One UI 8.5-i ýaýradyp başlady

  • 12.12.2025 14:54
  • 2.2k+

Samsung kompaniýasy One UI 8.5 operasion ulgam örtüginiň beta-wersiýasyny ýaýratmaga girişdi we ol öndürijiniň interfeýs bezegine täze çemeleşmesini görkezýär. 9to5Google portaly dizaýnyň käbir elementleriniň Apple Liquid Glass stilini ýada salýandygyny belleýär.

Täze One UI 8.5-de Liquid Glass-e mahsus bolan doly durulyk bolmasa-da, Samsung birnäçe meňzeş dizaýn çözgütlerini girizipdir. Mysal üçin, ulgam programmalarynda we sazlamalar menýusynda iOS-daky ýaly «Yza» ýüzýän düwmesi peýda boldy.
Mundan başga-da, «Telefon» we «Galereýa» ýaly Samsung programmalarynda nawigasiýa panelleri ýüzýän boldy we aýlawly burçlary aldy. «Kalkulýator» programmasy hem täzelendi, indi onda düwmeler has uly görünýär.
Google-yň ýakynda hödürlenen Material 3 Expressive dizaýn toplumynyň hem oňyn kabul edilendigine garamazdan, Samsung öz esasy bäsdeşinden ylham alan elementleri girizmek kararyna geldi. One UI 8.5 örtügi 2026-njy ýylda, ähtimal, Galaxy S26 flagman hatary tanyşdyrylandan soň, Samsung Galaxy smartfonlarynda ýaýradylyp başlanar diýlip garaşylýar. Häzirki wagtda beta-wersiýa Galaxy S25 hatarynyň smartfonlarynyň eýelerine gurnamak üçin elýeterlidir.  


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...