Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär

  • 12.12.2025 15:01
  • 10k+

Şu gün, 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşýarlar.

Irden Halkara foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet baştutanlary paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasyny düzýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylan bu hukuk ýagdaýy parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrdy.
Oňyn bitaraplyk dünýä proseslerinden çetleşme bolman, eýsem, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan işjeň strategiýadyr. Ýurdumyzyň daşary syýasaty sebitde we onuň çäkleriniň daşynda durnuklylyga, howpsuzlyga we özara düşünişmäge ýardam bermäge gönükdirilip, BMG-niň ýörelgelerine doly laýyk gelýär.
Türkmenistan halkara hukugynyň kadalaryna we BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine berk eýerýär. Türkmen bitaraplygy gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin diplomatik, syýasy we ykdysady gurallaryň işjeň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.
Merkezi Aziýada Türkmenistanyň oňyn bitaraplygy sebit durnuklylygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Ýurdumyz sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak we netijeli dialog ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

 


düýn 22:20
3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....