Hermès noutbugyň web-kamerasyny ýapmak üçin deri plastyrlarynyň toplumyny çykardy

  • 12.12.2025 17:10
  • 2.1k+

Hermès noutbugyň kamerasyna ýelmemek üçin deri plastyrlaryny satuwa çykardy. Täze önüm brendiň resmi saýtynda peýda boldy.

Ulanyjylar, adatça, web-kameralary gizlinlik maksady bilen ýapýar. Şeýle usul tötänleýin ýazgy etmek ýa-da kamera rugsatsyz elýeterli bolmak töwekgelçiligini azaltmaga kömek edýär, şonuň üçin köp adamlar wideoaragatnaşykdan peýdalanmaýan wagty ony ýapyp goýmagy makul bilýär.
Hermès-iň toplumyna üç plastyr girýär we onuň bahasy 145 funt sterlinge – tas 195 ABŞ dollaryna barabar. Plastyrlar goýun derisinden taýýarlandy. Her birinde markanyň logotipi we «Fransiýada öndürilen» ýazgysy ýerleşdirildi.

«Suratlary, bellikleri asmak, noutbugyň kamerasyna ýelmemek ýa-da öz goşlaryňyzy tapawutlandyrmak üçin tüýs laýyk gelýär» — diýip, moda öýi belledi.

Bir plastyryň ölçegi — 9,9 x 2,4 santimetr. Öndüriji her bir nusganyň özboluşlydygyny belleýär. Aksessuar dürli reňklerde çykarylýar we toplumyň reňki öňünden belli däl – ulanyjy ony diňe alandan soň bilýär.
Hermès 1837-nji ýylda at esbaplaryny we ekipažlaryny taýýarlamak boýunça ussahana hökmünde döredilen fransuz moda öýüdir. Wagtyň geçmegi bilen brend deri önümlerine, ilkinji nobatda, torbalara ýöriteleşip başlady. Iň belli modelleriň biri aktrisa Jeýn Birkiniň stili boýunça döredilen Hermès Birkin torbasydyr. 

şu gün 12:35
2.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.1k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......