Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” we “Daewoo” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 12.12.2025 01:24
  • 4.8k+

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi hem-de «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kim Bo Hýon bilen duşuşyklary geçirdi.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, täze senagat toplumlaryny döretmek, energetika we himiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasy bilen gaz we himiýa senagatynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda oňyn tejribäniň toplanylandygyny belledi hem-de Türkmenistanyň himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, täze önümleri öndürmek, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny beýan etdi.
Ýaponiýaly işewür bildirilýän ynam we netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň özleri üçin uly buýsançdygyny belledi.
Kim Bo Hýon bilen geçirilen duşuşykda Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda «Daewoo» kompaniýasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşyk işlerini alyp barýandygyny belläp, koreý kompaniýasynyň bu taslamany  ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine, onuň täze we döwrebap tehnologiýalary, ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda döwlet hem-de sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda mundan beýläk-de netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi.
Kim Bo Hýon bildirilen uly ynam hem-de geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....