Türkmenistanda fizika dersi boýunça V halkara olimpiada geçirildi

  • 12.12.2025 17:14
  • 2.2k+

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda fizika dersi boýunça sanly ulgam arkaly V halkara olimpiada geçirildi.

Bu halkara çäresine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen birlikde dünýäniň 14 döwletinden, ýagny, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Italiýadan, Rumyniýadan, Belarus Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Pakistandan, Hindistandan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Azerbaýjan Respublikalaryndan talyplaryň 380 töweregi gatnaşdy.
Bäsleşigiň ýumuşlary türkmen, iňlis, rus dillerinde taýýarlandy.
Bäsleşige gatnaşyjylardan 19 talybyň iň ýokary netije görkezmegi ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Bu olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ufa döwlet nebit-tehniki uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Nyzamy adyndaky Özbegistanyň milli mugallymçylyk uniwersitetiniň, Hytaý Halk Respublikasyndaky Hinjiang uniwersitetiniň, Täjigistanyň milli uniwersitetiniň, Belarus döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Memfis uniwersitetiniň, Azerbaýjanyň tehniki uniwersitetiniň we L.N.Gumilew adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň talyplary ýokary bahalara mynasyp boldular.


19.06.2026 18:41
3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......