Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Premýer-ministri bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

  • 12.12.2025 01:44
  • 5.5k+

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşdy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Pakistan bilen Birleşen Milletler Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde Týanszin şäherinde Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.
Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli    gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge itergi berjekdigine hem-de parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Mundan başga-da, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......