Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

  • 12.12.2025 16:33
  • 5.3k+

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Trestiň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň burawlan 72-nji we 86-njy ulanyş guýularyndan bir gije-gündizde degişlilikde 44 we 43 tonna gaz kondensatynyň alynýandygy hasam guwançlydyr. Şeýle-de Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylarynyň Uzynada käninde burawlan, taslama çuňlugy 6800 metr bolan 87-nji ulanyş maksatly guýusy hem bir gije-gündizde 45 tonnadan gowrak gaz kondensatyny berýär. Önümli guýylaram tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi.
Guýularyň gazuw işlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alyp beren «ZJ70DB» kysymly buraw desgalary ulanyldy. Bu bolsa senagat kärhanasy tarapyndan alynýan gymmatly çig mallaryň möçberleriniň artdyrylmagyna aýgytly täsirini ýetirdi.


08.06.2026 19:01
4.4k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...