Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş we Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi

  • 11.12.2025 22:24
  • 12k+

Şu gün Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Dabaralara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetler gatnaşdy.
Türkmenistanyň halkara giňişliginde giň goldawa eýe bolýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli guraldygyny subut etdi.
Halkara jemgyýetçiligi onuň tutuş sebit üçin ähmiýetini ykrar etmek bilen, bu hukuk ýagdaýyny birnäçe gezek tassyklady. Birleşen Milletler Guramasynyň resminamalary, şol sanda Baş Assambleýanyň kararnamalary bu syýasatyň häzirki döwürde möhümdiginiň hem-de üstünliklidiginiň subutnamasy bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3 sany Kararnamalary bilen berkidilen we ösdürilen pugta halkara-hukuk binýady bar. Bu resminamalar Bitaraplyk doktrinasynyň syýasy ýörelgeden başlap, halkara diplomatiýasynyň köpugurly guralyna çenli ösüşini beýan edýär.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......