Türkmenistan Ermenistan bilen geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady

  • 12.12.2025 11:01
  • 2.5k+

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.

Waagn Haçaturýan türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçirilýän forumyň sebit we dünýä derejesinde gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň gözel tebigatynyň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny belläp, ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda durmuşa geçirýän başlangyçlaryna ýokary baha berdi hem-de ermeni tarapynyň bu ugurda hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow Prezident Waagn Haçaturýanyň ýurdumyza saparlarynyň hem-de Türkmenistanda geçirilýän möhüm çärelere gatnaşmagynyň Ermenistanyň açyk, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi hem-de Awazada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Baştutany bilen geçiren netijeli gepleşiklerini ýatlady.
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin zerur şertleriň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamak we eksport-import amallaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.


şu gün 07:51
507

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.3k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
883

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......